Aşgabatda Eýranyň “Iran AgroFood” atly ýöriteleşdirilen sergisi geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda Eýranyň “Iran AgroFood” atly ýöriteleşdirilen sergisi geçiriler
Aşgabat şäherinde “Iran Prože” ady bilen geçirilen Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen sergisi, 2023-nji ýylyň 17-nji noýabry, Türkmenistan

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde 2024-nji ýylň 27-29 awgusty aralygynda “Iran AgroFood” ady bilen Eýranyň azyk önümleriniň we oba hojalygynyň on altynjy ýöriteleşdirilen sergisi geçiriler.

Eýranyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň penşenbe güni habar bermegine görä, bu sergi Eýranyň oba hojalygy pudagynyň önümleri, oba hojalygy tehnikasy bilen tanyşmaga we modifisirlenen tohumlaryny, dökünlerini, himiki serişdelerini öwrenmäge mümkinçilik döreder.

Habarda bellenilişi ýaly, azyk önümlerini gaplamak pudaklarynda iş alyp barýan önüm öndürijiler we ykdysady işewürler, täzeçil tehnologiýalara eýe bolan we ylyma esaslanýan kompaniýalar öz önümlerini hem-de mümkinçiliklerini görkezerler.

Geçen ýylyň noýabr aýynda Aşgabat şäherinde ýerleşýän Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda “Iran Prože” ady bilen Eýranyň ýöriteleşdirilen sergisi geçirilipdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022