Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan BAE bilen energetika pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan BAE bilen energetika pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar
Birleşen Arap Emirlikleriniň ykdysadyýet ministri Abdulla bin Tuk Al-Marri

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni Birleşen Arap Emirlikleriniň ykdysadyýet ministri Abdulla bin Tuk Al-Marri bilen geçiren duşuşygynda uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan baý nebitgaz serişdelerini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça maksatlaryny göz öňünde tutup, bu ugurdaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny aýtdy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Birleşen Arap Emirlikleriniň ykdysadyýet ministri Abdulla bin Tuk Al-Marri öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, “Türkmenistan — BAE” işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine geldi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany Aşgabat şäherinde geçirilen türkmen-emirlikler işewürlik forumynyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalanmagyna hem-de täze ugurlar boýunça giňelmegine ýardam berjekdigini nygtady.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň görkezijileriniň ýylsaýyn artýandygy bellenildi. Söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmakda döwlet edaralarynyň sazlaşykly gatnaşyklaryny saklamagyň, amatly söwda şertleriniň döredilmeginiň, özara forumlaryň we maslahatlaşmalaryň geçirilmeginiň zerurdygy barada aýdyldy.

BAE-niň ykdysadyýet ministriniň belleýşi ýaly, BAE-niň işewür toparlary geljegi uly türkmen bazarynda işlemäge gyzyklanma bildirýärler.

Türkmenistanyň Prezidenti Emirlikleriň gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryny Türkmenistanyň durmuşa geçirýän iri halkara energetika taslamalaryna gatnaşmaga çagyryp, maýa goýum mümkinçilikleriniň ulanylmagyny goldaýandygyny belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurda iş sapary bilen gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň ykdysadyýet ministri Abdulla bin Tuk Al-Marri bilen duşuşdy we onuň dowamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegine degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

2022