Türkmenistanyň wekiliýeti 2024-nji ýylyň 26 – 30-njy iýunynda Hytaýyň Urumçi şäherinde geçirilýän “Hytaý — Ýewraziýa EKSPO” halkara sergisine gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy çarşenbe güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, türkmen wekiliýetiniň düzümine ýurduň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri hem girýär.
Ýewraziýa döwletleriniň 23-siniň, şol sanda Hytaýyň önüm öndürijileriniň diwarlyklary ýaýbaňlandyrylan halkara sergä Türkmenistan dürli pudaklaryň, hususy haryt öndürijileriň harytlaryny we hyzmatlaryny mahabatlandyrýan milli pawiliony bilen gatnaşýar.
Sergide Türkmenistanyň wekiliýeti hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleri bolan türkmen bazarynyň, söwda-ykdysady ulgamynyň ösüşi, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň geljegi bilen daşary ýurtly işewürleri tanyşdyrýar.
Dünýäniň 50-den gowrak döwletinden ýüzlerçe işewüriň gatnaşýan halkara sergi Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän döwletleriň arasynda ykdysady, söwda, maýa goýum hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem giňeltmek üçin mümkinçilikleri döredýär.