Ýapon kompaniýalary türkmen bazaryna täze tehnologik işläp taýýarlamalaryny hödürlemekçi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýapon kompaniýalary türkmen bazaryna täze tehnologik işläp taýýarlamalaryny hödürlemekçi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşygy, 2024-nji ýylyň 27-nji iýuny, Aşgabat, Türkmenistan

Ýaponiýanyň “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” kompaniýasynyň strategik meseleler boýunça uly geňeşçisi Tatsuýa Watanabe we kompaniýanyň ýerine ýetiriji direktory Kendzi Sanada Aşgabatda geçirilen duşuşygyň dowamynda Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazaryna uly gyzyklanma bildirýändigini hem-de türkmen hyzmatdaşlaryna öz tejribesini, iň täze tehnologik işläp taýýarlamalaryny hödürlemäge taýýardygyny bellediler.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni Aşgabatda Ýaponiýanyň “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” kompaniýasynyň strategik meseleler boýunça uly geňeşçisi Tatsuýa Watanabe we kompaniýanyň ýerine ýetiriji direktory Kendzi Sanada bilen duşuşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk barada aýdyp, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryň biridigini belledi we özara işewürlik gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykyp, dürli ugurlarda üstünlikli ösdürilýändigini nygtady.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurtda taslamalar amala aşyrylanda, öňdebaryjy tejribäniňdir tehnologiýalaryň ulanylmagynyň, desgalaryň ýokary hil ölçeglerine, ekologik talaplara laýyk gelmeginiň möhüm şert bolup durýandygyny aýdy. Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin kompaniýanyň bu ugurdaky anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny belledi we “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” kompaniýasy bilen netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Ýaponiýanyň “Kawasaki Heavy Industries Ltd.” kompaniýasy köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda Owadandepedäki tebigy gazdan benzin öndürýän zawody, Mary welaýatyndaky karbamid zawody we Keletedäki sement zawody ýaly birnäçe iri taslamalary durmuşa geçirdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022