Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary Serik Jumangarin Türkmenistanyň, Owganystanyň we Özbegistanyň wekiliýetleri bilen bilelikde Beýneu galla terminalyna aýlanyp gördi. Saparyň dowamynda bu galla terminalynyň mümkinçilikleri bilen tanşyldy hem-de onuň taýýarlaýan bugdaýyny Türkmenistanyň çägi arkaly üçünji ýurtlara eksport etmek barada pikir alyşmalar boldy.
Serhetýaka sebitlerde goşmaça ammarlaryň gurulmagy we Türkmenistanyň çägi arkaly logistikanyň üpjün edilmegi bilen Beýneu galla terminalyndan Owganystana we Pakistana gazak bugdaýyny ibermek göz öňünde tutulýar. Gazak gallasyny eksport etmek üçin täze ugry döretmegiň jikme-jiklikleri taraplaryň ählisiniň gatnaşmagynda has içgin ara alnyp maslahatlaşylar.
Ýeri gelende bellesek, umumy tutýan meýdany 26 gektara barabar bolan Beýneu galla terminaly Mangystau sebitiniň çäginde ýerleşýär. Galla terminaly ýükleri Gazagystan-Türkmenistan serhedine ugratmak üçin örän amatly şertlere eýe.
Çeşme: “Türkmenhowaýollary” agentligi