Ýanwar-iýul: Türkmenistan garpyzyň eksportyny 9 esse artdyrdy

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy
Ýanwar-iýul: Türkmenistan garpyzyň eksportyny 9 esse artdyrdy
Türkmenistanda garpyz we gawun hasyly

Häzirki wagtda ýurdumyzda gawun-garpyz ýygnamak möwsümi dowam edýär. Ýurdumyzyň bazarlarynyň azyk bolçulygyna seredilende, beýleki gök-bakja önümleri bilen bir hatarda şu ýyl gawun-garpyzyň aýratyn hasylly bolandygyny görmek bolýar. Bu oba hojalyk önümlerini eksport etmekde türkmen telekeçileri ýokary görkezijileri gazanýarlar. 2024-nji ýylda daşary ýurtlara çykarylan oba hojalyk önümleriniň aglaba bölegini garpyz-gawun tutýar.

Şu ýylyň 7 aýynda daşary ýurtlara eksport edilen garpyzyň möçberi 2022-nji ýylda ýurdumyzdan umumy eksport bolan garpyzyň möçberinden 10 esse, 2023-nji ýyldaky umumy eksport edilen möçberinden bolsa 9 esse köp boldy. 2024-nji ýylda bu oba hojalyk önümini esasy import edijiler Russiýa Federasiýasy we Katar döwletidir. Eksport edilen garpyzyň umumy möçberiniň 62%-i Russiýa Federasiýasyna we 38%-i Katar döwletine iberildi.

Türkmen gawunynyň hem şu ýylyň ýedi aýynda eksporta çykarylan möçberi geçen ýyllar bilen deňeşdirilende artýandygy görünýär. Bu görkeziji 2022-nji ýylyň dowamynda ýurdumyzdan umumy eksport edilen gawunyň möçberinden 1,2 esse, 2023-nji ýylda umumy eksport bolan gawunyň möçberinden bolsa 1,4 esse köp boldy. Türkmen gawunyna köp isleg bildirilýän ýurtlaryň hatarynda birinji orny Russiýa Federasiýasy eýeleýär. Şu ýylyň 7 aýynda gawunyň eksportunyň 79%-i Russiýa Federasiýasyna we 11%-i Gazagystan Respublikasyna iberildi.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022