Ykdysady hyzmatdaşlygyň täze sahypasy: Türkmen gazy “swap” arkaly Yraga iberiler

“Türkmenistan” gazeti
Ykdysady hyzmatdaşlygyň täze sahypasy: Türkmen gazy “swap” arkaly Yraga iberiler
Hünärmenler Dahukyň golaýyndaky Tawke nebit ýatagynda nebit geçiriji klapanlaryny sazlaýarlar.

Eýran-türkmen gatnaşyklaryna, gürrüňsiz, sebitde we halkara derejede oňyn gatnaşyklaryň nusgasy hökmünde baha bermek bolar. Eýran Yslam Respublikasy Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ykrar eden ilkinji ýurtlaryň biri bolup, dost-doganlyk gatnaşyklary häzirki wagtda-da mynasyp dowam etdirilýär. “Dostluk” suw howdanynyň taslamasy şol özara dostlugyň aýdyň ýüze çykmasydyr. Munuň özi suw meselesi babatda dartgynlylyk duýulýan bu sebitde üstünlikli gidrosyýasy hyzmatdaşlygyň anyk mysalyna öwrüldi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek iki ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň üýtgewsiz garaýşy bolmagynda galyp, Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy lideri Türkmenistany doganlyk döwlet hökmünde ykrar etdi. Iki goň­şy ýurduň 1200 kilometre uzaýan serhetleriniň hem hemişe dostlugyň, birek-birek bilen ýakynlaşmagyň, hyzmatdaşlygyň serhedi hasaplanýandygy örän guwandyryjy ýagdaýdyr.

Eýran Yslam Respublikasy Türkmenistanyň oňyn Bitaraplygyny ýurduň daşary syýasatynyň esasy ýörelgesi hökmünde ykrar edýär we oňa hormat goýýar. Biziň pikirimizçe, türkmen döwletiniň saýlap alan ýoly sebitde hem-de halkara derejede parahatçylygy, howpsuzlygy, ösüşi üpjün etmegi nazarlaýar. Şo­ňa görä-de, Eýran “Parahatlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary topary” atly başlangyja goşuldy. Ýurtlarymyzyň netijeli gatnaşyklary iki döwletiň ýolbaşçylarynyň özara saparlarynyň ýygjamlaşmagy esasynda has-da berkeýär. Geçen üç ýyla golaý döwrüň dowamynda iň ýokary derejede ikitaraplaýyn hem köptaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi geçirilip, hyzmatdaşlyk resminamalarynyň 17-sine gol çekildi. Konsullyk, serhet we gümrük meseleleri baradaky bilelikdäki hökümetara toparyň iki mejlisi, ykdysady toparyň mejlisiniň birinji tapgyry, aýryaýry mowzuklara bagyşlanan dürli derejedäki duşuşyklaryň bolsa onlarçasy guraldy. Eýran bilen Türkmenistanyň sebit we halkara guramalaryň çäginde-de umumy bähbitlerdir garaýyşlara eýedigini, halkara meýdançalarda hemişe birek-biregi goldap gelýändiklerini bellemek gerek.

Iki goň­şy döwleti taryhyň, medeniýetiň, ruhy däpleriň umumylygy baglanyşdyrýar. Şu ýyl doglan gününiň 300 ýyllygy giň­den baýram edilýän Magtymguly Pyragy we beýleki meşhur şahsyýetler bolsa iki halkyň buýsanjy hasaplanýar. Ýokary derejeli ýolbaşçylarymyzyň tagallalary bilen özara Medeniýet günleridir hepdeliklerinden başga-da, köp sanly beýleki medeni çäreler yzygiderli guralýar. Şunda bu ugurda hyzmatdaşlygy has-da gi­ňeltmek üçin uly mümkinçilikler bar.

Ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky söwdanyň möçberi 500 million amerikan dollary töweregindedir. Eýranyň we Türkmenistanyň arasynda ylalaşylan täze ykdysady taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen, bu görkezijiniň has-da artjakdygy ikuçsuzdyr. Iýul aýynyň başynda Türkmenistanyň tebigy gazyny “swap” usuly arkaly Yraga ibermek hakynda şertnama gol çekilmegi ykdysady hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypanyň açylýandygyny alamatlandyrdy. Şu nukdaýnazardan, ýokary derejeli wekillerimiziň energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygy ilerletmegi maksat edinýän bu ýolunyň Eýranyň, Türkmenistanyň we sebitiň beýleki döwletleriniň milli bähbitlerine hyzmat etjekdigine berk ynanýarys. Elbetde, türkmen tebigy gazynyň «swap» usulynda Yraga (geljekde başga ýurtlara-da) eksport edilmegi Türkmenistanyň parahatçylygy, durnuklylygy, ösüşi pugtalandyrmak babatda eýeleýän ornuny has-da ýokarlandyrar. Şunuň bilen birlikde, elektroenergetika pudagyndaky hyzmatdaşlyk hem, isle ol gönüden-göni Eýran bilen bolsun, ýa-da beýleki ýurtlara üstaşyr geçirmek görnüşinde bolsun, ykdysady gatnaşyklarda geljegi uly ugur hasaplanýar.

Eýran bilen Türkmenistanyň geosyýasy we geostrategik garaýşy ýurtlarymyzyň sebitde, dünýäde eýeleýän orny babatda biri-biriniň üstüni ýetirýär. Başgaça aýdylanda, Eýran Türkmenistana, şol sanda Merkezi Aziýanyň beýleki döwletlerine Pars aýlagynyň, açyk de­ňizleriň, Ýewropanyň suwlaryna elýeterlilik üçin amatly ugur bolup durýar. Öz gezeginde, Türkmenistan hem Eýranyň sebit ýurtlaryna girelgesi, Gündogar (Hytaý) bilen Günbataryň, Demirgazyk bilen Günortanyň arasyndaky aragatnaşygyň çatrygy hasaplanýar. Şo­ňa görä, eýran tarapy halkara üstaşyr gatnawlar meselesine garaýşynda “Bir guşak, bir ýol” başlangyjynyň, Eýranyň we Türkmenistanyň üstünden geçýän Demirgazyk — Günorta geçelgesiniň güýçlendirilmeginiň zerurdygyny yzygiderli nygtaýar. Sebitleýin hyzmatdaşlyk nukdaýnazaryndan, biziň ýurdumyz üstaşyr geçirmek boýunça Aşgabat ylalaşygynyň, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýol Ylalaşygynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine ygrarlydyr. Umuman, Eýran bilen Türkmenistanyň energetika, üstaşyr ulag ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygynyň ýygjamlaşdyrylmagy dünýäniň dürli ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk zynjyryny özara baglanyşdyryp, köpçülikleýin bähbitleri utgaşdyrýar.

Eýranyň daşary syýasatynda goň­şularyň aýratyn orny eýeleýändigini kanagatlanma bilen bellemek gerek. Goňşuçylyk syýasaty ýurdumyzyň ozalky Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň Hökümetiniň esasy ýörelgeleriniň biridi. Şonuň üçin bu döwürde eýran-türkmen gatnaşyklarynda aýratyn möhüm wakalar bolup geçdi. Doktor Masud Pezeşkian hem Eýran Yslam Respublikasynyň täze Prezidenti hökmünde ýazan “Meniň täze dünýä ýüzlenmäm” atly makalasynda, şeýle-de golaýda Yslam Şurasy Mejlisinde geçirilen wezipä girişmek dabarasynda eden çykyşynda goň­şy döwletler bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň Eýranyň geljekki Hökümetiniň ileri tutýan ugurlarynyň biri boljakdygyny aç-açan nygtady. Türkmenistanyň hem hut şeýle garaýşa eýerýändigi guwandyryjy ýagdaýdyr. Şo­ňa görä-de, hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň oýlanyşykly, öňdengörüjilikli tagallalary esasynda Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň geljeginiň has-da ýagty bolup, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ýokary depginde ösdüriljekdigine ynam bildirýäris.

 

Çeşme: Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehaniniň interwýusy, “Türkmenistan” gazetiniň 2024-nji ýylyň 5-nji awgustyndaky sany

2022
ENG TM РУС