Ahalyň maldarlary owlak-guzularyň 170 müň golaýyny aldylar

"Türkmenistan" gazeti
Ahalyň maldarlary owlak-guzularyň 170 müň golaýyny aldylar
Öri meýdanda bakylýan mallar, Türkmenistan.

Ahal welaýatynyň maldarlary şu günler gyş üçin ot-iým ätiýaçlygyny döretmek bilen bir hatarda, dowarlaryň güýz gyrkymyna ykjam taýýarlyk görýärler. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda dowarlardan owlak-guzularyň 169 müň 900-e golaýyny alyp, bu babatdaky meýilnamalaryny 101,5 göterim ýerine ýetiren welaýatyň maldarlary häzirki wagtda güýz gyrkymyna taýýarlygyň çäginde möwsüm üçin medeni sebitden hem-de Garagum sährasyndan ähli amatlyklary bolan ýerleri saýlap almaga aýratyn ähmiýet berýärler. Möwsümde zähmet çekjek işgärleriň sanyny kesgitlemek, olar üçin göwnejaý iş we dynç alyş şertlerini döretmek ugrunda tagallalar edilýär.

Welaýatyň Ak bugdaý, Gökdepe, Bäherden we Babadaýhan etraplarynyň maldarlarynyň güýz gyrkymyna taýýarlyk işleri öwgä mynasypdyr. Agzalan etraplaryň maldarçylyk hojalyklarynyň çopan-çoluklarydyr degişli hünärmenleri öň­de duran jogapkärli çärä degişli talaplara laýyklykda taýýarlyk görmekde nusga bolýarlar. Häzirki taýýarlyk işleri dowarlaryň güýz gyrkymyna bellenen wagtda guramaçylykly başlap, ony depginli alyp barmaga we gysga wagtda tamamlamaga şert döreder.

 

Çeşme: “Türkmenistan” gazetiniň 2024-nji ýylyň 8-nji awgustyndaky sany

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС