Lebapda öndürilen senagat önümleriniň möçberi 14,6 milliard manatdan geçdi

“Türkmen gündogary” gezeti
Lebapda öndürilen senagat önümleriniň möçberi 14,6 milliard manatdan geçdi
Sement önümçiliginden bir pursat, Türkmenistan

Hormatly Prezidentimiziň öňde goýan belent wezipelerini üstünlikli berjaý etmek her bir zähmet keşler köpçüliginiň watançylyk borjudyr. Welaýatymyzyň senagat kärhanalarynyň öz borjuna wepaly işgärleri hem şanly ýylda ýokary netijeli zähmet çekmegiň gowy nusgasyny görkezýärler. Munuň şeýledigine üstümizdäki ýylyň tamamlanan ýedi aýynyň önümçilik görkezijilerine nazar aýlanyňda hem doly gözýetirip bolýar.

Has takygy, şu ýylyň geçen döwründe öndürilen senagat önümleriniň hereket edýän nyrhlardaky möçberi 14 milliard 610,3 million manada barabar boldy. Şonça önümiň 3,6 milliard manatlykdan gowragy döwlet böleginde öndürildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende iri we orta kärhanalarda öndürilen senagat önümleriniň artyş depginleri himiýa, un üweýji-ýarma we dürüşdelenen iým, azyk senagaty kärhanalarynda emele geldi.

Üstümizdäki ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda welaýatymyzyň senagat kärhanalarynda sarp edijilere ugradylan önümleriň möçberi (ýylyň başyna önümleriň galyndylaryny goşmak bilen) 3,6 milliard manatlykdan gowrak boldy. Şol harytlaryň 62,1 göterimi ýurdumyzyň daşyna iberildi. Hasabat döwründe öndürilen sarp ediş harytlarynyň umumy möçberi 3,3 milliard manatdan gowrak boldy.

Ýangyç-energetika pudagy ýurdumyzyň ykdysady ýetinde möhüm hyzmaty ýerine ýetirýär. Bu pudagyň welaýatymyzdaky kärhanalarynda gymmatly önümleri öndürmekde ýokary netijeler gazanylýar. Ylaýta-da, lebaply energetikleriň bitirýän işleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Geçen döwürde welaýatymyz boýunça elektrik energiýasynyň 2 milliard 730,1 million kilowat sagady öndürilip, geçen ýylyň degişli döwrüne görä 12,3 göterim ösüş depgini gazanyldy. Şeýle ýokary netijeler Garaşsyzlyk ýyllarynda welaýatymyzda gurlup, üstünlikli işe girizilen elektrik stansiýalarynyň kuwwatlyklaryndan has netijeli peýdalanylmagy, işleriň sazlaşykly guralmagy arkaly gazanylýar. Şonuň netijesinde ilatly ýerler we önümçilik desgalary elektrik energiýasy bilen ýeterlik möçberde, bökdençsiz üpjün edilýär. Elektrik energiýasynyň belli bir bölegi bolsa baglaşylan döwletara şertnamalaryna laýyklykda daşary ýurtly sarpedijilere ugradylýar. Şu ýylyň geçen aýlarynda benziniň 127,4 müň tonnasy, ýol bitumynyň 11,7 müň tonnasy öndürildi we geçen ýylyň degişli döwrüne görä degişlilikde 17,6 göterim we 2,5 göterim artyş depgini gazanyldy.

Welaýatymyzyň daýhanlarynyň yhlasly zähmeti arkaly öndürilýän pagtany gaýtadan işlemekde gowy görkezijilere eýe bolunýar. Hasabat döwründe gaýtadan işleýän kärhanalarda pagta süýüminiň 40,4 müň tonnasy öndürildi. Bu süýümlerden bolsa kämil tehnologiýalara daýanýan fabriklerde ýokary hilli nah ýüplükler öndürilýär. Üstümizdäki ýylyň tamamlanan ýedi aýynda bu geçginli önümleriň 228,3 million manatlygy öndürildi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 22,5 göterim artyş depgininiň gazanylandygyndan habar berýär. Şanly ýylyň geçen aýlarynda ýüpek matalaryň 5,7 müň inedördül metri, tikinçilik we örme önümleriň 280,7 million manatlygy öndürilip, geçen ýylyň degişli döwrüne görä düýpli artyş depginleri gazanyldy. Şeýle-de şöhlat, süýji-köke, süýt, balyk we gaýry balyk önümlerini, ýarma önümlerini öndürmekde ýokary görkezijilere eýe bolundy.

Welaýatymyzyň oba hojalyk işgärleriniň ekerançylyk we maldarçylyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak ugrunda edýän tagallalary ýerine düşýär. Ýylyň başyndan bäri gök önümleriň 81,4 müň tonnasy, azyklyk bakjanyň 52,2 müň tonnasy, miweleriň we ir-iýmişleriň 29,1 müň tonnasy, ýeralmanyň 97 müň tonnasy öndürildi we bu görkezijiler boýunça geçen ýylyň degişli döwrüne görä ep-esli artyş depgini üpjün edildi. Önüm bolçulygynyň döredilmegi bolsa bu önümleriň nyrhlarynyň peselmegine getirýär. Has takygy, öňki aý bilen deňeşdirilende geçen aýda ortaça bölek-satuw nyrhlary hyýar boýunça 41,57 göterim, pomidor boýunça 37,59 göterim, ýeralma boýunça 18,10 göterim, alma boýunça 11,21 göterim, düýp sogan boýunça 6,67 göterim, orta däneli tüwi boýunça 3,32 göterim peseldi. Bu sanawy ýene-de dowam etdirmek mümkin. Munuň özi oba adamlarynyň zerur önümleri öndürmek işi bilen höwesli meşgullanýandyklaryndan, şeýle-de bu meselede olara döwletimiz tarapyndan giň goldawyň we uly hemaýatyň berilýändiginden nyşandyr.

Welaýatymyzyň maldarçylyk pudagynda hem oňyn öz gerişlikler bolup geçýär. Şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda etiň 83,4 müň tonnasy (diri agramda), süýdüň 372 müň tonnasy, ýumurtganyň 140,7 million sanysy öndürildi. Öndürilen maldarçylyk önümleriniň esasy bölegi hususy hojalyklara degişlidir.

Häzirki wagtda welaýatymyzyň ähli hojalyklarynda iri şahly mallaryň 548,7 müň başy, dowarlaryň 2 million 726,1 müň başy, guşlaryň 4 million 326,5 müň başy, düýeleriň 5,8 müň başy idedilýär. Mallaryň we guşlaryň baş sanlarynyň köpeldilmegi öndürilýän önümleriň möçberleriniň artmagyna-da özüniň oňyn täsirini ýetirýär.

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň geçen döwrüniň önümçilik görkezijileri welaýatymyzyň zähmetkeşleriniň beýik senäni — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyny mynasyp sowgatlar bilen garşylaýandyklaryna aýdyň şaýatlyk edýär. Şonuň netijesinde tutuş ýyly şowly jemlemek üçin berk binýat döredilýär. Şol binýat bolsa ýurdumyzyň okgunly ösmegini, ilatyň abadan we eşretli durmuşda ýaşamagyny kepillendirýär. Welaýatymyzyň bagtyýar ilaty özlerine eşretli ýaşaýşy peşgeş beren hormatly Prezidentimize we Milli Liderimize özleriniň hoşallyklaryny bildirýärler we ösüşiň has belent sepgitlerini eýelemek hyjuwy bilen joşýarlar.

 

Çeşme: “Türkmen gündogary” gezetiniň 2024-nji ýylyň 22-nji awgustyndaky sany

2022
ENG TM РУС