Türkmen samboçylary Gyrgyzystandaky Dünýä Kubogynda 10 medal gazandylar

BT
Türkmen samboçylary Gyrgyzystandaky Dünýä Kubogynda 10 medal gazandylar
Sambo boýunça Dünýä Kubogy, Çolpon-Ata, Yssyk-Kul welaýaty, Gyrgyzystan

Türkmen samboçylary Çolpon-Atada (Gyrgyzystanyň Yssyk-Kul welaýaty) geçirilen Dünýä Kubogynda dürli derejeli 10 medal gazandylar. Bu barada “Türkmenistan: Altyn Asyr" elektron gazetiniň redaksiýasynyň habarçysyna Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetinde habar berildi.

Bäsleşige 14 ýurtdan 250-den gowrak türgen gatnaşdy. Olar sport sambosy we söweş sambosy boýunça erkekleriň we zenanlaryň arasynda «Iň güýçli» diýen at ugrunda 26 agram toparynda bäsleşdiler. Düzgüne laýyklykda, gatnaşýan her bir ýurt her agram toparyndan iki türgeni hödürläp bilýärdi.

Türkmenistanyň ýygyndy topary Dünýä Kubogynyň netijeleri boýunça, 1 altyn, 2 kümüş we 7 bürünç medal gazanyp, Halkara Sambo Federasiýasynyň (FIAS) baýdagy we senasy astynda çykyş eden Russiýa Federasiýasyndan (22 altyn, 12 kümüş we 4 bürünç), şeýle hem Gazagystandan (2-5-10) we Özbegistandan (1-2-8) asgyn gelip, dördünji orny eýeledi.

Toparymyzda iň ýokary baýragy Nyýazmyrat Babekow gazandy. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001 belgili harby bölüminiň 24 ýaşly esgeri, 64 kilograma çenli agram derejesinde sport sambosynda bu üstünlige 7 ýurtdan 11 türgeni ýeňip ýetdi.

Nyýazmyrat ilkinji oýunda Nursultan Amenowy (Gazagystan) 3:1 hasabynda ýeňdi, soňra çärýek finalda Andri Kurniany (Indoneziýa) 8:0 hasabynda ýeňdi, ýarym finalda bolsa soňky hereketi bilen FIAS-yň baýdagy astynda bäsleşýän belarusly Igor Miroýewskini ýeňdi – 1:1. Finalda N.Babekow 22 ýaşly Adilet Kubanyç Uuludan (Gyrgyzystan) üstün gelip – 9:1, hormat münberiniň iň ýokarsyna çykdy.

Kümüş medallara söweş sambosynyň wekilleri: Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň 29 ýaşly işgäri Ýusup Taňryberdiýew we Ahal welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Ak Bugdaý etrabynyň sport mekdebiniň 31 ýaşly tälimçisi we mugallymy Zarina Abdyrahmanowa mynasyp boldy. Birinji ady tutulan türgen bu üstünlige 58 kilograma çenli agram toparynda 6 ýurtdan 9 türgeniň gatnaşan, ikinji ady agzalan bolsa 54 kilograma çenli agram toparynda 6 ýurtdan 10 sambo türgenleriň arasynda gazandy.

Hormat münberine barýan ýolda Ý.Taňryberdiýew bilen Z.Abdyrahmanowanyň hersi iki ýeňiş gazandy. Ýusup çärýek finalda Daniel Asekowy (Gyrgyzystan) 5:2 hasabynda ýeňdi, ýarym finalda oýnuň 34-nji sekundynda Şohruhbek Gapurowy (Özbegistan) 2:0 hasabynda ýeňdi, finalda bolsa diňe Arman Turumbetowdan (Gazagystan) asgyn geldi – 0:1. Zarina bolsa, degişlilikde Kymbat Ahmetden (Gazagystan) 7:0 we Farogat Nurmamatowadan (Özbegistan) 7:0 hasabynda üstün çykdy, finalda bolsa Halkara Sambo Federasiýasynyň baýdagy astynda çykyş edýän russiýaly Wera Lotkowadan duýduryş boýunça ýeňildi – 0:0.

Türkmenistanyň toparyndaky bürünç medalçylar: Lebap welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Dänew etrabynyň 1-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Aziza Nazarowa (50 kilograma çenli sport sambosy), Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 2-nji ýyl talyby Babamyrat Baýramow (58 kg çenli, sport sambosy), Lebap welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Çärjew etrabynyň 3-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Kambar Umarow (71 kg çenli, sport sambosy), Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 2-nji ýyl talyby Kerim Kerimow (64 kg çenli, söweş sambosy), Türkmenistanyň Milli söweş sungaty federasiýasynyň türgenleri Gülzada Jorakulyýewa (72 kg çenli, söweş sambosy) we Agasapar Muhadow (79 kilograma çenli, söweş sambosy), şeýle hem harby çagyrylyş boýunça gulluk edýän Maksat Annagylyjow (88 kg çenli, söweş sambosy).

Türkmen samboçylarynyň Gyrgyzystandaky çykyşlary Halkara Sambo federasiýasynyň (FIAS) başlygy Wasiliý Şestakowda ýakymly täsir galdyrdy.

"Ýaryşyň eýeleri – Gyrgyzystanyň milli ýygyndy topary, şeýle hem Gazagystanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň wekilleri ýokary hilli göreş görkezdiler" diýip, FIAS-yň başlygy Dünýä Kubogynyň netijelerine esaslanyp aýtdy.

Şeýle hem Şestakow bu ýaryşda türgenleriň diňe bir FIAS senenamasyndaky esasy sport hadysalarynyň – Marokkoda geçirilen kenarýaka sambo boýunça dünýä çempionatynyň, Kiprde Ýaşlar dünýä birinjiliginiň we Gazagystanda geçjek Sambo boýunça dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda diňe bir öz güýçlerini synap görmek däl, eýsem, reýting utuklaryny gazanyp bilendiklerini-de aýtdy. Söweş samboçylary, erkekler we zenanlar üçin bu, Dünýä Kubogy 2025-nji ýylyň awgust aýynda Hytaýda geçiriljek Dünýä oýunlaryna saýlaw tapgyrlarynyň birine öwrüldi.

Şeýle hem, munuň şu ýylda heniz tomusky Olimpiýa oýunlarynyň meýilnamasyna goşulmadyk ikinji dünýä sambo Kubogydygyny-da aýtmak gerek. Sambo boýunça birinji Dünýä Kubogy 4-5-nji aprelde Ýerewanda bolup geçdi.

 

Çeşme: “Türkmenistan: Altyn Asyr” elektron gazeti

2022