Ýanwar-Iýul: Türkmenistanda jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy

TDH
Ýanwar-Iýul: Türkmenistanda jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy
"Täze Aý" kärhanasynda alnyp barylýan önümçilikden bir pursat (Surat: TDH)

30-njy awgustda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradow 2024-nji ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ýurdumyzda gazanylan makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi. Maksatnamalaýyn çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, şu ýylyň ýedi aýynda jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy. Bu görkeziji senagat pudagynda 3,6 göterime, gurluşykda 9,3 göterime, ulag we aragatnaşyk pudagynda 7,1 göterime, söwdada 7,8 göterime, oba hojalygynda 7,8 göterime, hyzmatlar ulgamynda 7 göterime deň boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda jemi öndürilen önüm 11,5 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda kadaly önümçilik netijeleri gazanyldy.

2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek satuw haryt dolanyşygy 11 göterim artdy. Şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 102,9 göterim, çykdajy bölegi 97,8 göterim ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2023-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 10,5 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 12,1 göterim artdy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi, hususan-da, durmuş maksatly we düzümleýin desgalaryň gurluşygy boýunça görkezijiler beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň makroykdysady görkezijilerini durnukly saklamak boýunça zerur işleri geçirmegiň wajypdygyny belledi. Şunda jemi içerki önümiň ösüş depginini ýokary derejede saklamaga möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere hereket edýän önümçilikleri döwrebaplaşdyrmak, täzeleriniň işini ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

 

 Çeşme: TDH

2022