Aziýa Ösüş banky Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň täze strategiýasyny işe girizdi

THP
Aziýa Ösüş banky Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň täze strategiýasyny işe girizdi
Aziýanyň Ösüş Bankynyň merkezi edarasy, Manilia, Filippinler (Surat: www.flickr.com)

28-nji awgustda Aziýanyň Ösüş banky hereketlendiriji güýji innowasion hususy telekeçilik bolan bäsdeşlige ukyply, diwersifisirlenen we ylmy bilimlere esaslanýan ykdysadyýete gönükdirilen Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň täze strategiýasyny işe girizdi.

Bankyň sebitleýin edarasynyň habar bermegine görä, 2024-2028-nji ýyllary öz içine alýan täze strategiýanyň çäklerinde Aziýanyň Ösüş bankynyň işi ileri tutulýan strategiki ugurlaryň üçüsine gönükdiriler: howa şertlerine durnukly “ýaşyl” ykdysadyýete geçmekde ýardam bermek; hususy telekeçilige we adam maýasyna üns çekmek bilen diwersifikasiýa arkaly ykdysady bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmak; düzümleýin özgerişlere we institusional ösüşe ýardam bermek.

“Aziýanyň Ösüş bankynyň Türkmenistan bilen öňden gelýän hyzmatdaşlygy bar, we täze strategiýa ýurduň ösüşine bolan biziň berk ygrarlygymyzy tassyklaýar, - diýip, Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça AÖB-yň Baş direktory Ýewgeniý Žukow belledi. – Bu täze tapgyra başlap, biz ýurda onuň uzakmöhletleýin ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň hökümeti we onuň hyzmatdaşlary bilen ýakyn aragatnaşygy dowam etdireris”.

Täze strategiýa ýurduň “ýaşyl” ykdysadyýete geçişini, şol sanda energiýa netijeliligine, energiýanyň täzeden dikeldilýän serişdelerine maýa goýumlaryny hem-de uglerod zyňyndylarynyň pes derejeli synag taslamalaryny we syýasy özgerişleri öz içine alar. Bank ýurdumyzyň howanyň üýtgemegine garşy göreşmek maksatlaryna laýyklykda kömürturşy gazlary we metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça uzakmöhletleýin meýilleri işläp taýýarlamakda Türkmenistana ýardam etmegi dowam etdirer.

Şeýle-de Aziýanyň Ösüş banky esasy söwda geçelgeleriniň ugrunda, şol sanda Merkezi Aziýanyň sebit ykdysady hyzmatdaşlygynyň geçelgeleriniň ugrunda demir ýollara üns bermek bilen durnukly we integrirlenen ulag torlaryny ösdürmekde hem öz goldawyny berer.

Bank eksporta niýetlenen hususy telekeçiligi döretmäge ýardam edip, içerki maliýe institutlaryna, şol sanda eksport bazaryna gönükdirilen kiçi we orta kärhanalaryň maýa ygtyýarlyklaryny gowulandyrmakda öz goldawyny dowam etdirer.

Adam goýmlaryny ösdürmek üçin Aziýanyň Ösüş banky onuň saglygy goraýyş ulgamynda özgerişleri geçirmekde, saglygy goraýyşyň işçi güýjünde endikleriň ösdürilmegine ýardam eder.

AÖB häzirki zaman bazar ykdysadyýetine geçmek üçin zerur bolan özgerişleri çaltlandyrmakda döwlet institutlaryny berkitmegi dowam etdirer. Muňa çaklaýyş gurallaryny hem-de makroykdysady derňew we dolandyryş mümkinçiliklerini gowulandyrmakda hökümete ýardamlary degişlidir.

“Aziýanyň Ösüş banky Türkmenistanyň ösüş bileleşiginde işjeň hyzmatdaşy bolup çykyş edýändigine buýsanýar, - diýip AÖB-yň Türkmenistandaky sebitleýin direktory Artur Andrisýak belledi. – Bu hyzmatdaşlyk strategiýasynyň çäklerinde innowasion taslamalar we tehniki kömek arkaly Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygymyzy giňeltmäge we pugtalandyrmaga ynam bildirýäris. Ösüş ýolunda ýurda goldaw bermegimiz bilen bu hyzmatdaşlygyň howanyň üýtgemegi, sebit hyzmatdaşlygy we integrasiýasy, zenanlaryň hukularynyň we mümkinçilikleriniň giňeldilmegi we talabalaýyk dolandyrylmagy ýaly ugurlaryna aýratyn üns beriler”.

 

Çeşme: THP

2022