2024-nji ýylyň 30-njy awgustynda Birleşen Arap Emirliklerindäki Türkmenistanyň Ilçisi Serdarmämmet Garajaýew bilen “AMC Overseas” kompaniýasynyň direktory Şuwra Çakrabortiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň esasy maksady, bilen “AMC Overseas” kompaniýasynyň 2024-nji ýylyň 10-11-nji sentýabry aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň Maýa goýum Forumyna gatnaşmak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmak boldy.
Duşuşykda Ilçi Garajaýew bu forumyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge we durnukly ykdysady ösüşi öňe sürmäge gönükdirilendigini bellemek bilen, “AMC Overseas” kompaniýasynyň azyk we oba hojalygy sektorlarynda söwda we maýa goýumlary boýunça tejribesini nazara almak bilen, Şuwra Çakrabortiniň bu çärä gatnaşmagynyň aýratyn ähmiýetlidigini nygtady.
Duşuşykda “AMC Overseas” kompaniýasynyň öz işlerini Türkmenistanda amala aşyrmak mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Jenap Çakraborti, esasan-da, söwda, maýa goýumlary we oba hojalygy pudaklarynda bu mümkinçilige uly gyzyklanma bildirdi.
Mundan başga-da, taraplar kompaniýanyň Türkmenistanyň baý tebigy serişdelerini we strategiki söwda artykmaçlyklaryny peýdalanmak bilen, Türkmenistandan Ýakyn Gündogar we Afrika bazarlaryna harytlary we azyk önümlerini eksport etmek mümkinçiligini hem ara alyp maslahatlaşdylar.
Çeşme: Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Ilçihanasy