ABŞ-nyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisi Elizabet Rud penşenbe güni Aşgabatdaky ABŞ-nyň ilçihanasynyň täze binasynda žurnalistler üçin metbugat brifingini geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda Elizabet Rud howanyň üýtgemegi bilen göreşmek we ykdysady ösüşiň ileri tutulýan meselelerini amerikan diplomatik missiýasynyň ýolbaşçysy hökmünde alyp barýan işiniň esasy ugurlary hökmünde görkezdi.
Elizabet Rud howanyň üýtgemegi bilen göreşmekde Türkmenistanyň strategiki ornuny nygtady we metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça global başlangyja gatnaşmagyna ýokary baha berdi.
Ilçi ykdysadyýet ulgamynda täze iş orunlaryny döretmäge, hususy pudagyň ösmegine we ýurduň ykdysadyýetiniň diwersifikasiýasyna hökümet we hususy pudaklar, şeýle-de bilim edaralary bilen hyzmatdaşlyk arkaly ýardam bermäge taýýardygyny beýan etdi.
Şeýle hem diplomat ABŞ bilen Türkmenistanyň ilatynyň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmagyň öz işiniň esasy ugurlarynyň biri boljakdygyny belledi.
Duşuşygyň ahrynda Elizabet Rud Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ykrar eden gününden bäri ABŞ-nyň onuň garaşsyzlygyny we özygtyýarlygyny goldamaga ygrarlydygyny tassyklady.