Türkmenistanyň raýatlygyna 1200-e golaý adam kabul edildi

TDH
Türkmenistanyň raýatlygyna 1200-e golaý adam kabul edildi
Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edile adamlara pasport gowşurmak dabarasy, 2023-nji ýylyň 25-nji sentýabry, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: migration.gov.tm)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hem-de ýurdumyzda ýaşamak üçin ygtyýarnamalary bermek meseleleri barada hasabat berdi.

Mälim bolşy ýaly, köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlary bilen, ýurdumyzda ýaşaýan we şol bir wagtyň özünde hiç bir döwletiň raýaty bolmadyk 30 müň 998 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Şeýle-de häzirki wagta çenli 5 müň 18 daşary ýurt raýatyna we raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama berildi. Bu ynsanperwer häsiýetli çözgütler Türkmenistanyň köptaraplaýyn halkara resminamalary, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň statusy hakynda, Apatridleriň statusy hakynda we Raýatsyzlygy azaltmak hakynda Konwensiýalaryny üstünlikli berjaý edýändigini aýdyň görkezýär.

Daşary işler ministrligi we ýurdumyzyň ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan ýurdumyzyň çäklerinde hemişelik ýaşaýan, döwletimiziň raýatlygyna kabul edilmegi baradaky şahsy ýüztutmalary hasaba alnan 1 müň 146 adamyň Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilmegi boýunça degişli işler geçirildi. Raýatlyk almak üçin hödürlenilýän adamlar 29 milletiň wekilleridir. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistana gelen daşary ýurt raýatlaryna ýurdumyzda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi baradaky şahsy ýüztutmalary hasaba alnan 134 adamyň Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi boýunça degişli işler geçirildi. Olar 6 döwletiň raýatlary we 15 milletiň wekilleridir.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek, şeýle hem ýurdumyzda ýaşamak üçin ygtyýarnamalarynyň berilmegi bilen bagly resminamalaryň taslamasy hödürlenildi.

Pasportlary we degişli resminamalary gowşurmak dabarasyny ýakyn günlerde Döwlet migrasiýa gullugynyň binasynda Türkmenistanda işleýän halkara guramalaryň we daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň, ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak babatda halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna eýermek bilen, ýurdumyzda bu ugurda netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi we 1 müň 146 adamy Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakynda Permana hem-de 134 adama Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama bermek hakynda Karara gol çekdi.

***

Ata-babalarymyzyň adamkärçilik, ynsanperwerlik we ýagşylyk etmek ýaly däplerinden ugur alyp hem-de adam hukuklaryny, azatlyklaryny goramak bilen bagly halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna eýerýändigimize esaslanyp, adamlaryň raýatlygy erkin saýlap almak hukugyny nazara almak bilen, şeýle hem “Türkmenistanyň raýatlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan, raýatlygy bolmadyk adamlaryň uly topary Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi.

Daşary işler ministrligi, Içeri işler ministrligi, Döwlet migrasiýa gullugy beýleki dahylly ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek barada ýüz tutan, raýatlygy bolmadyk adamlaryň resminamalaryny resmileşdirmek işlerini Türkmenistanyň Prezidentine degişli teklipleri bermek üçin dowam etdirmäge borçly edildi.

 

Çeşme: TDH

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022