Aşgabatda energetika arabaglanyşygyny ýokarlandyrmak boýunça bilermenleriň maslahaty geçiriler

BT
Aşgabatda energetika arabaglanyşygyny ýokarlandyrmak boýunça bilermenleriň maslahaty geçiriler
Türkmenistanyň energetika pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum (TEIF 2024), 2024-nji ýylyň 24-nji apreli, Pariž, Fransiýa

Aşgabatda 16-17-nji oktýabrda energetika arabaglanyşygyny has-da gowulandyrmak boýunça halkara maslahat geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Maslahatda Durnukly ösüş maksatlarynyň hemmeleri elýeterli we ygtybarly energiýa bilen üpjün etmäge gönükdirilen BMG-nyň bu ugurdaky 7-nji maksadyna ýetmek üçin durnukly energetika arabaglanyşygynyň möhüm ähmiýetine aýratyn üns berler.

Çäre durnukly ösüş üçin energetika arabaglanyşygynyň ähmiýetini nygtaýan BMG-niň 78/149 belgili Kararnamasyna esaslanyp geçirilýär. Onuň çäklerinde BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy hem-de Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin ykdysady we durmuş komissiýasy (ESKATO) “Sebit goşulyşmasy we hyzmatdaşlygy” we “Energiýa çeşmeleriniň diwersifikasiýasy we howpsuzlygy” atly iki esasy mejlisi gurarlar.

Arassa energiýa geçişi çaltlandyrmagyň we harajatlary azaltmagyň usuly hökmünde energiýa ulgamlarynyň serhetüsti goşulyşmasy ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy mowzuklarynyň biri bolar. Bilermenleriň bahalandyrmalaryna görä, munuň üçin energetika düzümlerine gönükdirilýän maýa goýumlary 2030-njy ýyla çenli ýylda 680 milliard dollara golaý artdyrmak zerurdyr.

Mundan başga-da, maslahata gatnaşyjylar arabaglanyşykly energiýa ulgamlary meýilnamalaşdyrmak we dolandyrmak boýunça iň gowy tejribeleri alşarlar. Utgaşykly görnüşde geçiriljek maslahat, şeýle hem okuw seminarlary hem-de BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek müdirliginiň örän möhüm energiýa düzümleriniň goraglylygyna bagyşlanan ýörite mejlisini öz içine alar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022