Türkmenistan bilen Pakistan energetika we ulag taslamalary durmuşa geçirmegi maslahatlaşdylar

BT
Türkmenistan bilen Pakistan energetika we ulag taslamalary durmuşa geçirmegi maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardari bilen duşuşygy, 2024-nji ýylyň 16-njy oktýabry, Yslamabat, Pakistan

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow çarşenbe güni Pakistanyň Prezidenti Asif Ali Zardari bilen geçiren duşuşygynda energetika we ulag ulgamlarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin resminamalaryň taýýarlanyşyna aýratyn üns berdiler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär. 
 
Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň ugurlardaky, şol sanda ozal gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmegiň meselelerine we geljekki meýilnamalara garadylar. Söwda dolanyşgyny artdyrmak we özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin ykdysady hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygy aýratyn nygtaldy. 

Energetika we ulag pudaklary gepleşikleriň üns merkezinde bolan ugurlar boldy. Hususan-da, sebit arabaglanyşygynda möhüm ähmiýeti bolan TOPH (Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan) gaz geçirijisiniň we TOP (Türkmenistan-Owganystan-Pakistan) elektik geçiriji ulgamynyň taslamalary maslahatlaşyldy. 

Pakistanyň Prezidenti hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem çuňlaşdyrmagyň möhümdigini belläp, ýurtlaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklary ösdürmekde goşan şahsy goşantlary üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna hoşallyk bildirdi. 

2022