Türkmenistan metan zyňyndylaryny 10% azaltdy

BT
Türkmenistan metan zyňyndylaryny 10% azaltdy
“Türkmenistanyň nebiti we gazy” atly 29-njy halkara maslahaty (OGT-2024), 2024-nji ýylyň 23-nji oktýabry, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistan zyňyndylaryň umumy möçberini 2020-nji ýyldaky bilen deňeşdirilende 10 göterim azaldyp, daşky gurşawy goramak ulgamynda uly ösüş gazandy. Bu barada “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew çarşenbe güni Aşgabatda “Türkmenistanyň nebiti we gazy” atly halkara maslahatyndaky çykyşynda mälim etdi. 

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, metan zyňyndylaryny tapgyrlaýyn azaltmak boýunça strategiýanyň kabul edilmegi bu babatda möhüm ädimleriň biri boldy. Munuň özi halkara ekologiýa ölçeglere we durnukly ösüşe eýermekde ýurduň tagalla edýändigini görkezýär. 

Bu strategiýa diňe bir howanyň hilini gowulandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, energiýa netijeliligini ýokarlandyrjak energetika we oba hojalygy pudaklarynda zyňyndylary azaltmaga gönükdirilen çäreleri öz içine alýar. 

Türkmenistan zyňyndylary has netijeli dolandyrmakda tejribeleri we tehnologiýalary alyşmak bilen halkara hyzmatdaşlary bilen işjeň gatnaşyklary alyp barýar. Howanyň üýtgemegi boýunça ählumumy tagallalara gabat gelýän bu çäreler sebitiň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmakda ýurduň goşýan goşandyny nygtaýar. 

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Dubaýda geçirilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň taraplarynyň 28-nji mejlisinde (COP-28) Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny yglan etdi. 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022