ÝB Türkmenistanda “ýaşyl” ykdysadyýetiň we söwda gurşawynyň berkidilmegini goldaýar

BT
ÝB Türkmenistanda “ýaşyl” ykdysadyýetiň we söwda gurşawynyň berkidilmegini goldaýar
Ýewropa Parlamentiniň binasy, Brýussel, Belgiýa (Surat: go-belgium.ru)

Ýewropa Bileleşigi (ÝB) ýurduň “ýaşyl” ykdysadyýetini goldamaga we söwda gurşawyny kämilleşdirmäge gönükdirilen maksatnamalaýyn başlangyçlaryň esasynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär. Bu barada Ýewropa komissiýasynyň metbugat gullugynyň interwýusyna salgylanyp, “Trend” habarlar gullugy geçen sişenbede habar berdi. 

ÝB-niň Türkmenistan boýunça başlangyçlary tebigaty goramak çäreleri bilen bir hatarda, işewürlik gurşawyny hem kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Şeýle hem kiçi we orta kärhanalary goldamaga üns berýän ykdysady ösüşe aýratyn ähmiýet berilýär. 

Mundan başga-da, ÝB Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) goşulmak boýunça alyp barýan işlerinde hyzmatdaşlyk etmek bilen, ýurduň dünýäniň söwda ulgamyna goşulyşmagynda goldawlaryny berýär. 

Bu başlangyçlar sebit hyzmatdaşlygyny, durnuklylygyny we gülläp ösmegini öz içine alýan ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça has giň gerimli strategiýasynyň diňe bir bölegi bolup durýar. Bu strategiýanyň çäklerinde ÝB sanly we ulag aragatnaşygyna hem-de seýrek duş gelýän möhüm çig mal gorlarynyň ösdürilmegine gönükdirilen “Global Gateway-yň” birnäçe taslamalaryny durmuşa geçirýär. 

ÝB-niň Merkezi Aziýa, şeýle hem Türkmenistan bilen işjeň gatnaşygy bu birleşmäniň sebitara gatnaşyklary berkitmäge, ekologiýa we ykdysady özgertmeleriň deňagramlylygyny saklamak arkaly durnukly ösüşe ýardam bermäge ygrarlydygyny görkezýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022