TDHÇMB-däki eksport geleşikleri $18 milliondan geçdi

BT
TDHÇMB-däki eksport geleşikleri $18 milliondan geçdi
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilen göçme birža söwdalary, 2024-nji ýylyň 5-nji marty, Aşgabat, Türkmenistan.

Şenbe güni Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) 18 million 862 müň 455 ABŞ dollara barabar bolan geleşikler baglaşyldy. Bu barada TDHÇMB habar berýär.

Birleşen Arap Emirlikleriň we Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen “B” görnüşli karbamid satyn aldylar. Geleşigiň umumy bahasy 18 million 832 müň 500 ABŞ dollaryna deň boldy.

Owganystanly işewür umumy bahasy 29 müň 955 ABŞ dollar bolan “KO-20” görnüşli yşyklandyryş kerosinini satyn aldy.

Ýerli telekeçiler içerki bazar üçin umumy bahasy 50 million 860 müň manada deň bolan nebit ýol bitumyny satyn aldylar.

Birža söwdalaşyklarynda şeýle hem 287 müň 868 manatlyk türkmen el halylary, nah we gap galyndylary satyldy.

1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistandaky eksport-import amallary düzgünleşdirýän esasy edara bolup durýar.

2022