Aşgabatda Türkmen-hytaý ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk merkezi dörediler

BT
Aşgabatda Türkmen-hytaý ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk merkezi dörediler
III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy, 2024-nji ýylyň 26-njy noýabry, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parky bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hubeý welaýatynyň Halkara ylmy-tehniki alyşmalar merkezi Türkmen-hytaý ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk merkezini döretmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, sişenbe güni Aşgabatda geçirilen III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumynyň jemleri boýunça kabul edildi.

Bu merkez Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň binýadynda hereket eder. Munuň özi iki ýurduň arasynda bilelikdäki ylmy gözlegler we işläp taýýarlamalar üçin täze mümkinçilikleri açar.

III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna ýokary derejeli hytaýly hünärmenler, şol sanda HHR-iň ylym we tehnologiýalar ministriniň orunbasary Lin Sin hem-de ylym we bilim edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşýarlar.

Çäräniň çäklerinde ylym-bilim ulgamynda Türkmenistanyň gazananlaryny görkezýän innowasion tehnologiýalaryň sergisi geçirildi.

Forumyň dowamynda oba hojalyk , nano we bio tehnologiýalar, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalar, öňdebaryjy lukmançylyk çözgütleri ýaly dürli ugurlar ara alnyp maslahatlaşylýar. Gatnaşyjylar şeýle hem ýurtlaryň arasynda ylym-bilim babatda alyş-çalşy has-da çuňlaşdyrmak boýunça geljekki çäreler boýunça pikir alyşdylar. Munuň özi dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açar.

Çarşenbe güni forum öz işini ikitaraplaýyn duşuşyklaryň we “tegelek stol” maslahatlaryň geçirilmegi bilen dowam eder. Olarda ylym we tehnologiýalar babatda bilelikdäki taslamalaryň geljegine garalar. Forumyň jemleri boýunça birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär.

 

Neşirimize ýazylmak üçin:

WhatsApp: Biznes Türkmenistan

Telegram: Biznes Türkmenistan

Instagram: Biznes Türkmenistan

X: Biznes Türkmenistan

Dzen: Бизнес Туркменистан

2022