Çarşenbe güni Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň “Visa” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara işewürlik forumy geçirildi. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň şenbe güni çap edilen sanynda habar berilýär.
Maliýe tehnologiýalary ulgamynda gazanylan üstünlikler, bank ulgamyny sanlylaşdyrmagyň geljegi we töleg amallarynyň howpsuzlygy forumyň gün tertibine girizildi.
Foruma sanly töleg boýunça öňdebaryjy bilermenler gatnaşyp, olar halkara töleg ulgamyny ösdürmekde innowasion tehnologiýalaryň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar.
“Visa” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda işlenip taýýarlanylan “Milli Visa” töleg kartyna aýratyn üns çekildi. Bu kartlar nagt däl amallar, uzak aralykdan tölegleri geçirmek, elektron söwda etmek üçin döwrebap çözgütleri hödürlemek bilen, “VSDC” tehnologiýalaryň ulanylmagy netijesinde pul geçirimleriň ýokary howpsuzlyk derejesini üpjün edýär.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky 500 müňe golaý kart ulanyjysyna hyzmat edýär. Şolar arkaly amala aşyrylýan töleg amallaryň 58 göterimi nagt däl görnüşde ýerine ýetirilýär.
Türkmenistanyň “Visa” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy 1994-nji ýyldan – Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň “Visa International” halkara töleg ulgamynyň agzasy bolan wagtyndan başlanýar. Bu ädim ýurduň ählumumy maliýe ulgamyna goşulyşmagynda täze mümkinçilikleri açdy. 2016-njy ýylda kompaniýanyň taslamalaryna “Halk bank” we “Senagat bank” banklary goşuldy. 2019-njy ýylda “Visa” kartlarynyň çykarylyp başlanmagy ýurduň nagt däl hasaplaşyklara geçmegini çaltlandyrdy.
Neşirimize ýazylmak üçin:
WhatsApp: Biznes Türkmenistan
Telegram: Biznes Türkmenistan
Instagram: Biznes Türkmenistan
Dzen: Бизнес Туркменистан