Dünýäde altynyň bahasy soňky hepdelerde rekord derejelere ýetip, maýadarlaryň uzak wagtlap dowam eden ösüşden soň girdejilerini berkitmäge girişendigi sebäpli gaýtadan peselmäge başlady. Bu ýagdaý Merkezi Aziýadaky şaý-sep alyjylaryna toý möwsüminiň we beýleki maşgala dabaralarynyň öňüsyrasynda belli bir derejede ýeňillik getirdi.
Altynyň bahasynyň taryhy baha standartlaryndan ýokarydygyna garamazdan, soňky arzanlama ozal satyn almakdan saklanan alyjylaryň bir bölegini täzeden bazara çekdi.
Bilermenleriň bellemegine görä, bahalar uzak wagtlap ýokarlanandan soň, köplenç düzediş tapgyryna girýär. Munuň sebäbi maýadarlaryň gazanan girdejilerini berkitmegi we islegiň wagtlaýyn haýallamagydyr.
Zergärçilik pudagynyň wekilleriniň aýtmagyna görä, Merkezi Aziýada köp alyjylar altyny diňe bir bezeg serişdesi hökmünde däl, eýsem gymmatyny saklaýan ygtybarly maýa goýum görnüşi hem-de maşgala däpleriniň möhüm bölegi hökmünde kabul edýär. Adatça, toý möwsüminiň öňüsyrasynda altyna bolan isleg barha ýokarlanýar we müşderiler gündelik baha üýtgeşmelerine ýakyndan gözegçilik edýärler.
“Soňky döwürde müşderiler elýeterli baha bilen uzak möhletli gymmaty sazlaşdyrmak maksady bilen dürli dizaýnlary we agramlary has köp deňeşdirýärler. Käbir alyjylar has ýeňil şaý-sepleri saýlaýan bolsalar, beýlekiler toýlar we sowgatlar üçin meşhur bolan nusgawy görnüşleri ileri tutýarlar” diýip, Türkmenistandaky SOKOLOV franşiza dükanynyň direktory Yhlas Mamedow belläp geçýär.
“SOKOLOV” Russiýanyň iň iri zergärçilik holdingleriniň biri bolup, Russiýada we GDA ýurtlarynda 1000-den gowrak dükana eýedir hem-de her ýyl 30 milliondan gowrak şaý-sep öndürýär.
Pudagyň wekilleriniň aýtmagyna görä, bahalaryň gysga möhletli üýtgäp durmagy Merkezi Aziýada altynyň eýeleýän möhüm ornuna täsir edip hem durmaz. Şeýle-de bolsa, bahalaryň durnuklylygy ýylyň ikinji ýarymynda satuwlaryň artmagyna ýardam edip biler.
Bilermenler ýakyn aýlarda altynyň bahasynyň üýtgäp durmagynyň dowam etjekdigini çaklaýarlar. Şeýle-de bolsa, güýçli ösüşlerden soň bahalaryň wagtlaýyn peselmegi bazarlar üçin adaty ýagdaýdyr. Merkezi Aziýadaky sarp edijiler üçin bolsa soňky arzanlama meýilleşdirilen satyn alyşlary amala aşyrmak we maşgala dabaralaryna taýýarlyk görmek üçin has amatly mümkinçilik döredip biler.

















