Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni Aşgabatda Belarusuň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Stanislaw Çepurnoýy kabul etdi. Onuň dowamynda ilçi Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Ilçi duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Belarusuň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň mähirli salamyny ýetirdi hem-de öz ýurdunyň Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti öz gezeginde S.Çepurnoýy täze wezipä bellenilmegi bilen gutlap, alyp barjak işleriniň ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Taraplar türkmen-belarus hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini maslahatlaşyp, diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, köptaraplaýyn esasda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň möhümdigini belledi. Ynsanperwer gatnaşyklara, şol sanda bilim, ylym, sport we medeniýet ulgamlardaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.
Duşuşygyň ahyrynda diplomat iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmek we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin mümkin bolan ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.
Şol gün Türkmenistanyň döwlet Baştutany Saud ösüş gaznasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Sultan Abdulrahman Al-Marşady hem kabul etdi.