Türkmenistanyň resmi metbugatynyň penşenbe güni habar bermegine görä, ägirt uly gaz känini gaýtadan işlemek boýunça barlaghananyň başlygy, tehniki ylymlaryň doktory Irina Lurýewa “Galkynyş” ýatagynyň özleşdirilmeginiň işjeň dowam etdirilýändigini belledi. Häzirki wagtda bu kände döwrebap tehnologiýalaryň ulanylyp, geljekde gazyň gazylyp alynýan möçberiniň ýylda 200 milliard kub metre ýetip biljekdigi çaklanylýar.
I.Lurýewa önümçilik işinde innowasion çemeleşmeleriň, şol sanda çuň burawlamaklygyň hem-de tebigy gazy işlemegiň halkara ölçeglere laýyk gelýän ýokary tehnologiýa ulgamlarynyň ulanylýandygyny aýtdy. Serişdeleriň netijeli ulanylmagy we ekologiýa kadalaryna eýerilmegi alnyp barylýan işleriň möhüm ugrudyr.
Onuň bellemegine görä, gaz ýatagyny özleşdirmegiň tapgyrlaýyn strategiýalary maýa goýumlary çeýe dolandyrmaga we tehnologiýa işleriniň netijeliligini artdyrmaga mümkinçilik berýär. Kükürdi we kömürturşy gazyny gaýtadan işlemek boýunça işleriň geçirilmegi bolsa ekologiýa töwekgelçiliklerini azaltmaga ýardam edýär.
Irina Lurýewa 1963-nji ýyldan bäri ýanyp gelýän “Derweze” gaz krateriniň meselelerine hem degip geçdi. Bu täsinlik ykdysady maksatlar üçin ulanyp boljak gazyň uly möçberiniň ýitirilmegi netijesinde ekologiýa meselelerini döredýär.
Habarda bellenilişine görä, Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň hünärmenleri krateriň tebigata ýetirýän täsirini peseltmek üçin onuň ýanynda täze gaz guýusyny gazmak, gazyň arassalanylyşyny dolandyrmak ýaly birnäçe çözgütleri hödürlediler.
Geçirilýän çäreler dolanyşykdan daşardaky zyňyndy gazlary diňe bir azaltmaga şertleri döretmek bilen çäklenmän, eýsem, Türkmenistanyň ekologiýa jogapkärçiliginiň ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezýär.
“Derweze” krateri Merkezi Garagumda, Aşgabatdan 266 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Onuň giňligi 60 metre, çuňlugy bolsa 30 metre barabardyr.