TDHÇMB

Gazagystan Türkmenistanyň üstünden optiki süýümli aragatnaşyk ulgamyny gurar

BT
Gazagystan Türkmenistanyň üstünden optiki süýümli aragatnaşyk ulgamyny gurar
Optiki süýümli aragatnaşyk ulgamynyň çekilişinden pursat (Surat: ABB Group)

Gazagystan Türkmenistanyň çäginden geçjek optiki süýümli aragatnaşyk ulgamyny döretmek boýunça taslamany durmuşa geçirmäge girişdi. Häzirki wagtda bu taslama ara alyp maslahatlaşma tapgyryndadyr diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.

Optiki süýümli aragatnaşyk ulgamy Owganystanyň we Eýranyň çäklerini hem eýelemek bilen Pars aýlagyndaky Internet aragatnaşyk ulgamyna çykmagy üpjün eder. Munuň özi sebitiň telekommunikasiýa aragatnaşygyny kämilleşdirmek üçin täze mümkinçilikleri döreder.

Şunuň bilen bir wagtda, Hazar deňziniň düýbünden optiki süýümli aragatnaşyk ulgamyny çekmek boýunça işler alnyp barylýar. Taslamany durmuşa geçirmek üçin “Kazahtelekom” we “Azertelecom” aragatnaşyk operatorlarynyň deň gatnaşmagynda bilelikdäki kärhana döredildi.

Optiki süýümli aragatnaşyk tehnologiýasy ýagtylyk tizligini ulanmak bilen, inçejik aýna ýa-da plastik süýüm arkaly maglumatlary iberýär. Doly içki şöhlelenme ýörelgesi esasynda signal iň az ýitgi bilen geçirilip, aragatnaşyk ulgamynyň ýokary tizlik we geçirijilik ukyby üpjün edilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
Aprel 12, 2025