Sişenbe güni Aşgabatda BMG-niň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasynyň (FAO) iki sany täze taslamasynyň işe girizilmegine bagyşlanan okuw maslahaty geçirildi. Bu taslamalar pagtaçylygy we däneli ekinleriň goralyşyny ösdürmäge gönükdirilendir.
Maslahata Oba hojalyk ministrliginiň, Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, “Türkmenpagta” döwlet konserniniň, ylmy-barlag institutlarynyň hem-de FAO-nyň wekilleri gatnaşdylar.
Birinji taslama durnukly pagta önümçiliginde howa şertlerini hasaba almak bilen tehnologik innowasiýalary ornaşdyrmaga gönükdirilendir. FAO-nyň baş tehniki hünärmeni Artur Şamilow taslamanyň möhüm ugurlary, ony durmuşa geçirmegiň möhleti we garaşylýan netijeleri bilen tanyşdyrdy. Gatnaşyjylar pagtaçylyk pudagynyň geljegi, bu ugurdaky ylmy-barlaglar we “Türkmenpagta” döwlet konserniniň ony ösdürmekdäki goşandy barada pikir alyşdylar.
Ikinji taslama däneli ekinleri zyýankeşlerden goramagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Munuň özi ýurduň azyk howpsuzlygyny berkitmäge mümkinçilik berer. Okuw maslahatynyň dowamynda oňa gatnaşanlar maksatnamalaryň wezipelerini, olaryň uzakmöhletleýin esasda oba hojalyk pudagyna ýetirjek täsirini we garaşylýan netijelerini maslahatlaşdylar.
Türkmenistan 1995-nji ýylda FAO goşuldy. Şondan bäri gurama ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň işini işjeň goldamak bilen, olaryň gurluş mümkinçiliklerini berkitmäge, statistik maglumatlaryň ýygnalyşyny kämilleşdirmäge we umumylykda oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegine ýardam edýär.