Fransuz işewüri, “Hainu” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Şarl Bar näsagyň sanly nusgasyny döretmekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmakda Türkmenistana hyzmatdaşlygy teklip etdi. Bu teklip şenbe güni Arkadag şäherinde geçirilen howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça meselelere bagyşlanan halkara maslahatda öňe sürüldi.
Işewüriň bellemegine görä, bu taslama Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen hyzmatdaşlykda ýerine ýetirilip bilner diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Birikdirilen lukmançylyk enjamlardan alnan maglumatlaryň seljerilmegine esaslanýan näsagyň sanly nusgasy onuň genom, metabolik, psihiki, ekologiýa we beden görkezijilerine baha berýär. Emeli aň bolsa diabet, gipertoniýa hem-de ýürek-damar patologiýasy ýaly möwsümleýin keselleriň ösüş töwekgelçiligini çaklaýar.
Şarl Bar bu tehnologiýanyň ornaşdyrylmagynyň keselleri bejermekden öňüni almak işine geçmäge mümkinçilik berjekdigini belledi. Munuň özi enäniň we çaganyň saglygyny goramak işinde hem aýratyn ähmiýetlidir.
Türkmen tarapy milli saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşinde sanly çözgütleriň möhüm ähmiýetini nygtap, degişli taslama gyzyklanmalaryny beýan etdi.
ABŞ-da, Kanadada, Hytaýda, Fransiýada 12 ýylyň dowamynda işlenip taýýarlanylan bu tehnologiýa eýýäm 13 ýurtda ulanylyp, ol adamyň bedeniniň garramagyna gözegçilik etmekde BMG tarapyndan iň gowy innowasiýa hökmünde ykrar edilendir.