Kuala-Lumpur şäheri Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumyň geçiriljek ýerine öwrüler. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde mälim etdi.
Bu çäräni şu ýylyň 23-24-nji aprelinde geçirmek meýilleşdirilýär. Wise-premýeriň bellemegine görä, dünýäniň 30 ýurdundan 300-e golaý gatnaşyjy foruma gatnaşjakdygyny tassyklady diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Forumyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň işewürlik gatnaşyklary ýola goýmaga we hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýän daşary ýurt kompaniýalary bilen duşuşyklary göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli ykdysadyýeti toplumlaýyn ösdürmegiň möhümdigini nygtap, Malaýziýada geçiriljek çäräniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Hökümet mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.