Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parky suw we beýleki inženerçilik desgalary goramak üçin niýetlenen, çyg geçirmeýän kompozit düzümi döretmegiň patentlenen tehnologiýasyny tanyşdyrdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.
Kükürt-polimer beton bilen birlikde öýjükli sintetik serişdesiniň ulanylmagy bu tehnologiýanyň esasy düzümi bolup durýar. Adaty betonlamadan tapawutlylykda täze serişde uzak wagtyň dowamynda gatadylmagyny talap etmeýär. Ol birnäçe sagadyň dowamynda, käbir ýagdaýlarda bolsa 5 – 10 minudyň içinde gerek bolan gaty hala eýe bolýar.
Örtük içerki, şol sanda daşarky şertler sebäpli desga ýetirilýän täsirlerden goraýar. Äkidip bolýan şerte geçirmek mümkinçiligi onuň ýylmaýyş we daşaýyş işini has-da aňsatlaşdyrýar. Esasy aýratynlygy bolup durýan suwy geçirmeýän täsiri täze serişdäni ýokary çyglylyk şertlerinde netijeli ulanmaga mümkinçilik berýär.
Bu taslama şeýle hem tebigy gazy gaýtadan işlemek arkaly alynýan kükürdi gurluşyk pudagynda netijeli ulanmaga şertleri döredýär. Barlaglary geçiren alymlar bu ugurda geljekde alnyp baryljak işleriň senagatda we gurluşyk infrastrukturasynda uly isleg bildirilýän we ulanyş aýratynlygy kämilleşdirilen innowasion serişdeleri döretmäge mümkinçilik berýändigini belleýärler.
Çyg geçirmeýän kompozit örtükler – munuň özi bir wagtyň özünde çyg siňdirmeýän (gidrofob) we ýokary berklik aýratynlyklaryna eýe bolan köpdüzümli gurluşyk serişdesidir. Bu aýratynlyklar kompozitleriň ulanylmagynyň – birnäçe serişdeleriň dürli maddalar bilen utgaşdyrylmagynyň netijesinde gazanylýar. Şeýle örtükler aýratyn-da, suw howdanlardaky, kanallardaky, bentlerdäki, ýerasty we şuňa meňzeş desgalardaky suwuň topraga siňmeginiň öňüni almak üçin ulanylýar.