Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýew çarşenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde türkmen pileçileriniň 2 müň 100 tonnadan gowrak pile öndürilip, bu ugurda bellenen şertnamalaýyn borçnamanyň üstünlikli berjaý edilendigi baradaky hoş habary aýtdy.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow zähmetsöýer pileçileri bu zähmet üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlady.
Şeýle hem wise-premýer Taňryguly Atahallyýew oba hojalyk pudagynda şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 113 göterime deň boldy.
Taňryguly Atahallyýew hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda bugdaý oragyna başlanandygyny we Balkan, Daşoguz welaýatlarynda bolsa orak möwsümine 11-nji iýunda başlamak boýunça degişli taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygyny aýtdy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde şu ýylyň bäş aýynda ýurtda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi we döwlet durmuşynyň başga-da birnäçe meselelerine garaldy.