Daşoguz şäherindäki açyk görnüşli “Şabat” hususy kärhanasynda peýniriň düzüminiň has baýlaşdyrylan görnüşi öndürilip başlandy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.
Daşoguz welaýatynyň azyk önümçiliginde mynasyp orun eýeleýän kärhanada döwrüň ösen isleglerine laýyk gelýän süýt önümleriniň 15-den gowrak görnüşi taýýarlanýar.
Şu ýylyň 5 aýynda bu ýerde jemi 2,5 million manatlykdan gowrak dürli görnüşli önüm öndürilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, has ýokary ösüş depgini üpjün edildi.
Habarda bellenilişi ýaly, bazar gatnaşyklary şertlerinde hususylaşdyrylyp, açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwrülen kärhananyň önümçilik ulgamlary düýpli täzelendi hem-de häzirki zamanyň ýokary isleglerine laýyk gelýän kämil tehnologiýalar bilen enjamlaşdyryldy.