Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjana resmi sapary başlandy

BT
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjana resmi sapary başlandy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Ýagub Eýýubow, 2025-nji ýylyň 16-njy iýuly, Baku şäheri, Azerbaýjan Respublikasy. (Surat: Azertac)

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çarşenbe güni Azerbaýjan Respublikasyna resmi sapary başlandy.

“APA” habarlar gullugynyň maglumatyna görä, iki ýurduň döwlet baýdaklary bilen bezelen Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny resmi adamlar garşyladylar. Hormat garawuly nyzamly hatara düzülüp, howa menziliniň binasynyň ýokarsynda Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet baýdaklary galdyryldy.

Türkmen halkynyň Milli Liderini Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Ýagub Eýýubow, Daşary işler ministriniň orunbasary Samir Şarifow hem-de ýurduň resmi wekiliýetiniň beýleki agzalary garşyladylar.

Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 27-nji fewralynda ýola goýuldy.

2022