Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň düzümine girýän “Bahar” tikin önümçilik birleşigi 2025-nji ýylyň 4–8-nji awgusty aralygynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň meýletinçileri üçin ýörite lybasyny taýýarlamaga başlady. Bu barada duşenbe güni çap edilen “Biznes Reklama” gazetinde habar berilýär.
“Bahar” tikin önümçilik birleşigi pudaklaýyn iri çärelerde hem işjeň çykyş edýär — golaýda kärhana öz täze lybaslarynyň nusgalaryny “TURKMENTEXTILE EXPO—2025” atly halkara sergi-ýarmarkasynda görkezdi.
1936-njy ýylda esaslandyrylan tikin önümçilik birleşigi dürli görnüşli egin-eşikleriň, şol sanda harby we döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleri üçin niýetlenen ýörite lybaslaryň öndürilişine ýöriteleşendir. Kärhana döwrebap enjamlar bilen üpjün edilip, fabrikde 300-e golaý işgär zähmet çekýär hem-de daşary ýurtlardan getirilen häzirki zaman tehnologiýasy esasynda işleýän 405 sany tikin we biçimçilik enjamlary ornaşdyrylandyr.
Kärhananyň zerur çig mallary ýurdumyzyň öňdebaryjy dokma kärhanalaryndan — Ruhabatdaky, Aşgabatdaky, Kaka şäherindäki, Türkmenbaşydaky, Gökdepedäki, şeýle-de S.A. Nyýazow adyndaky dokma toplumlaryndan satyn alynýar.









30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


