Atom energiýasy boýunça halkara agentligi (IAEA) 2025-nji ýylyň 5–8-nji awgusty aralygynda Awazada geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC3) ýokary derejede gatnaşmagy meýilleşdirýär. Bu barada Agentligiň Baş direktory Rafael Grossi IAEA-däki Türkmenistanyň hemişelik wekili hem-de ýurduň Awstriýadaky ilçisi Hemra Amanazarow bilen geçiren duşuşygynda mälim etdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlaryny kesgitlediler. Şeýle hem, 2025–2029-njy ýyllar üçin täze Ýurt boýunça çarçuwaly meýilnamanyň taýýarlanylmagy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada duşenbe güni Türkmenistanyň Awstriýadaky ilçihanasy habar berdi.
Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (IAEA) artykmaçlyklary we goraglylyklary hakynda Ylalaşyga Türkmenistanyň goşulmagy baradaky teklibine aýratyn üns berilip, şu ýylyň sentýabrynda geçirilmegi meýilleşdirilýän IAEA-nyň Baş konferensiýasynyň 69-nji mejlisine Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagyna görülýän taýýarlyklar barada agzalyp geçildi.

Şol günüň dowamynda Ilçi Amanazarow Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça Federal ministrliginiň döwlet sekretary Zepp Şellhorn bilen hem duşuşyk geçirdi. Gepleşiklerde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi we LLDC3 forumynyň öňüsyrasynda bilelikdäki tagallalaryň utgaşdyrylmagy boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.








_(1)30624-495x4352.jpg)



30635-90x604.jpg)





