Türkmen telekeçisi “SeDi” haryt nyşanly tagam beriji goşundylaryň önümçiligine başlady

Türkmen telekeçisi “SeDi” haryt nyşanly tagam beriji goşundylaryň önümçiligine başlady
Türkmenistanyň söwda nokadynda tagam beriji iýmit goşundylarynyň giň görnüşi (Surat: BT)

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Guwanç Akiniýazow Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň “Akgoňur” daýhan birleşiginde “SeDi” haryt nyşanly tagam beriji iýmit goşundylarynyň önümçiligini ýola goýdy. Bu barada “Rysgal” gazetiniň geçen duşenbe güni çap edilen sanynda habar berilýär.

Täze kärhana daşary ýurtlaryň öňdebaryjy enjamlary bilen üpjün edilip, häzirki wagtda aşhana üçin giňden ulanylýan alty görnüşli tagam beriji goşundylar öndürilýär. Önümleriň düzüminde bolgar burçy, reýhan, petruşka, ukrop, kinza, sarymsak we beýleki tebigy önümler bar.

“Diňe tebigy önüm!” şygary bilen iş alyp barýan kärhana soganly we limonly duzlary hem bazara çykardy. Önümler ekologiýa taýdan arassa gaplara gaplanylýar we halkara hil ölçeglerine laýyklykda taýýarlanylýar. Olar balyk, towuk, sygyr we goýun etinden taýýarlanylýan dürli tagamlara zerur goşundy hökmünde içerki sarp edijileriň ýokary islegine eýe bolýar.

Türkmenistan Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesiniň agzasy Imamberdi Jepbarow Balkan welaýatynyň Etrek etrabynda “Endigan” haryt nyşanly gaplanan zeýtunlaryň önümçiligini ýola goýdy.

2022