Türkmenistan Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesiniň agzasy Imamberdi Jepbarow Balkan welaýatynyň Etrek etrabynda “Endigan” haryt nyşanly gaplanan zeýtunlaryň önümçiligini ýola goýdy. Bu barada “Rysgal” gazetiniň geçen duşenbe güni çap edilen sanynda habar berilýär.
Jepbarowyň hojalygy 9 gektary öz içine alýar. Şonuň 6 gektarynda 10 müň sany zeýtun agaçlary ösdirilip ýetişdirilýär, galan 3 gektarynda bolsa dürli görnüşli miweli baglar eýeläp, olardan ýylyň-ýylyna bol hasyl alynýar.
Ekinler agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg edilýär, şonuň üçin hem önümler ekologik taýdan arassalygy we tagamlylygy bilen tapawutlanýar.
Hasyl oktýabryň ahyry — noýabryň başy aralygynda ýygnalýar. Her agaçdan ortaça 15–20 kilogram miwe almak meýilleşdirilýär. Ýygnalan zeýtun hasyly ýöriteleşdirilen önümhanada gaýtadan işlenilýär we aýna gaplara gaplanýar.
Taýýar önümler “Endigan” ady bilen ýurduň içerki bazaryna — dükanlara we söwda merkezlerine ugradylýar.
Zeýtun agajy ýerli howa şertlerine gowy uýgunlaşýar: suwsyzlyga çydamly, ýylyň ähli möwsüminde hem gök öwsüp oturýar. Adatça, olaryň uzynlygy 5–15 metr aralygynda bolup, müňýyllyk ýaşa eýedir. Onuň miweleri witaminlere, şeýle hem demire we kalsiýa baý bolany üçin, saglyga peýdalylygy bilen tapawutlanýar.









30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


