ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp penşenbe güni Ak tamda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň liderleri bilen “Merkezi Aziýa + ABŞ” (C5+1) ikinji sammitiniň çäklerinde resmi agşamlygyny geçirdi. Bu barada Ak tamyň resmi metbugat gullugy habar berýär.
Duşuşyga Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon hem-de Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdy.
Sammit we agşamlyk nahary “C5+1” formatynyň ösüşinde täze tapgyryň başlanandygyny görkezdi hem-de gepleşikler döwlet Baştutanlarynyň arasynda ýokary derejä çykdy.
ABŞ-nyň Prezidenti Donald J. Tramp Merkezi Aziýa döwletleriniň prezidentleri bilen Ak tamda geçirilen duşuşykda: “Biz ykdysady hyzmatdaşlyklarymyzy ösdürýäris, howpsuzlyk ulgamyndaky gatnaşyklarymyzy pugtalandyrýarys hem-de gatnaşyklarymyzyň umumy gerimini giňeldýäris” diýip belledi.
“C5+1” formaty 2015-nji ýylda esaslandyrylyp, Merkezi Aziýanyň bäş ýurdy bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek üçin köptaraplaýyn mehanizm hökmünde hereket edýär. Bu maksatnama ykdysady ösüş, sebitleýin hyzmatdaşlyk we howpsuzlyk meselelerini üns merkezinde saklaýar.








_(1)30624-495x4352.jpg)
30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


