Türkmenistan Merkezi Aziýada gümrük amallarynyň tizliginde iň çalty hasaplanýar

BT
Türkmenistan Merkezi Aziýada gümrük amallarynyň tizliginde iň çalty hasaplanýar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyndaky iş depgini

Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) Türkmenistanyň eksport - üstaşyr dolanşygyndaky ýokary netijeliligini aýratyn belleýär. Bu Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çäklerinden üstaşyr geçirilmeginde sarp edilýän wagt we çykdajylar boýunça alnyp barlan barlaglaryň netijeleri boýunça mälim edildi. Bu barada çarşenbe güni Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy habar berdi.

Geçirilen barlaglarda, 2025-nji ýylyň awgust-oktýabr aýlarynda Türkmenistanyň Garabogaz, Farap we Daşoguz awtoýollary gümrük nokatlarynda awtoulaglaryň geçiş wagty ortaça 37 minut bolup, bu görkeziji Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda iň gysga wagt hasaplanylýar. Mysal üçin, Gazagystan – 1 sagat 30 minut, Täjigistan – 1 sagat 40 minut, Gyrgyzystan – 1 sagat 44 minut, Özbegistan – 1 sagat 10 minut dowam edýär.

Şeýle hem gümrük serhetlerinde ulaglaryň nobatlylygy boýunça wagtynyň ýagdaýy seljerildi. Türkmenistandaky gümrük nokatlarynda awtoulaglaryň nobata durýan wagty 35 minuda, bu görkeziji Gazagystanda 2 günden gowrak, Täjigistanda – 1 sagat 15 minut, Gyrgyzystanda – 40 minut, Özbegistanda – 12 sagat 20 minuda deňdir.

Türkmenistanyň Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ygtybarly üstaşyr köpri hökmünde ornunyň barha pugtalanýandygyny görkezýär. Strategik ugurda, Türkmenistanyň gümrük geçelgelerinde infrastrukturasynyň we mümkinçilikleriniň yzygiderli ösdürilýändigi, "ýaşyl geçelgeleriň" döredilmegi we sanly çözgütleriň işjeň durmuşa geçirilmegi bilen, gümrük gözegçiliginiň utgaşykly hem-de netijeli amala aşyrylýandygyny tassyklaýar.

2022