Türkmenistan bilen BAE nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegi meýilleşdirýär

BT
Türkmenistan bilen BAE nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegi meýilleşdirýär
Maksat Babaýew bilen Ahmed Al-Hameliniň duşuşygy, 2025-nji ýylyň 4-nji dekabry, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasy)

Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri boýunça gepleşikleri geçirdiler. Bu barada BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär.

Degişli meseleler penşenbe güni Aşgabatda Türkmenistanyň “Türkmengaz” Döwlet konserniň başlygy Maksat Babaýew bilen BAE-niň Türkmenistandaky ilçisi Ahmed Al-Hameli arasynda geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistan bilen “Dragon Oil” kompaniýasynyň arasyndaky uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk 2000-nji ýyldan bäri önümleri paýlaşmak Ylalaşygy esasynda Türkmenistanda iş alyp barýar. Kompaniýanyň esasy ugrunyň biri Hazar deňzindäki “Çeleken” şertnamalaýyn meýdançalaryň çäginde uglewodorod serişdelerini çykarmak bolup durýar.

"Türkmennebit" döwlet konserni bilen "Dragon Oil (Türkmenistan) Ltd.” kompaniýasynyň arasynda önümleri paýlaşmak Ylalaşygyny 2035-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli uzaltmak barada şertnama baglaşyldy.

2022