Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy gowşuryldy. Sylaglamak dabarasy Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň tamamlanmagynda “Oguz han” köşkler toplumynda geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty ýekşenbe güni habar berdi.
Dabaranyň başynda milli parlamentiň ýolbaşçysy Dünýägözel Gulmanowa Türkmenistanyň Mejlisiniň degişli kararyny okady. Resminamada Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny berkitmekde, onuň halkara abraýyny hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine laýyklykda ýokarlandyrmakda, “Açyk gapylar” daşary syýasy ugruny ösdürmekde, parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslaryny, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen halkara başlangyçlary öňe sürmekde, şeýle hem Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmekde uly goşandy nygtalýar.
Sylaglamak dabarasy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasyna laýyklykda, şeýle hem Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirildi.
Ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumyny Mejlisiniň Başlygyna, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna, welaýatlaryň häkimlerine hem gowşuryldy.
Hormatly Prezidentimiz gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli özüne gowşurylan sylagy — “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly ýubileý medalyny halkymyza gowşurylan sylag hökmünde kabul edýändigini aýtdy.
Giňişleýin mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitaby — “Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy hem geçirildi.


















