Owganystan oba hojalyk ulgamynda Türkmenistanyň tejribesini öwrenmäge we ony amalda ulanmaga gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi. Bu barada Owganystanyň ykdysady meseleler boýunça Premýer-ministriniň orunbasary Molla Abdul Gani Baradar Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Hyrat şäherinde geçirilen duşuşygynyň netijeleri boýunça habar berdi.
Molla Abdul Gani Baradaryň aýtmagyna görä, Türkmenistan oba hojalyk pudagynda uly ösüş depginini gazandy we bu owgan tarapynda uly gyzyklanma döredýär. Kabul şäheri bu tejribäniň amaly taýdan ulanylmagyna hem-de iki ýurduň degişli edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine umyt bildirýär. Bu barada Owganystanyň ykdysady meseleler boyunça Premýer-ministriniň orunbasary X sosial ulgamyndaky hasabynda çap etdi.
Gepleşiklerde sebit ähmiýetli möhüm başlangyçlaryň durmuşa geçirilişiniň barşy, şol sanda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi hem-de Türkmenistan – Owganystan – Pakistan (TOP) elektrik geçiriji taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gepleşiklere iki ýurduň energetika, ulag, demir ýol we dag-magdan pudaklarynyň ministrleri, döwlet kompaniýalarynyň wekilleri hem-de ýokary wezipeli adamlar gatnaşdylar.


















