Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi açyldy

BT
Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi açyldy
Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi, 2026-njy ýylyň 10-njy fewraly, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: BT)

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde ýerleşýän ýurduň Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde sişenbe güni Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi öz işine başlady.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň Aşgabatda geçirilýän sergisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlady. “Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmekde, haryt dolanyşygyny artdyrmakda, türk kompaniýalary hem-de maýadarlary bilen işewürlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmekde, milli ykdysadyýetimize maýa goýumlary giňden çekmekde bu serginiň ähmiýetiniň uly boljakdygyna berk ynanýaryn” diýip, türkmen Lideri gutlag hatynda belledi.

Sergi Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge, işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmäge hem-de iki ýurduň telekeçileri üçin täze hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini döretmäge gönükdirilendir. Çäräniň dowamynda Türkiýäniň dürli pudaklarynda öndürilýän ýokary hilli eksport harytlary giňişleýin tanyşdyrylýar.

Bu ýerde sergä gatnaşyjylar Türkiýäniň senagat we gurluşyk önümleri, energetika, himiýa, dokma, azyk senagaty boýunça öndürilýän önümleri bilen tanyşýarlar.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilýän bu sergi iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak, özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hem-de täze taslamalara badalga bermek üçin möhüm meýdança bolup hyzmat eder.

Aşgabatda geçirilýän Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi 12-nji fewrala çenli dowam eder.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС