Türkiýäniň “Merkez Anadolu Kimya” kompaniýasy Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirdi. Bu barada kompaniýanyň wekili Emil Muradow sişenbe güni Aşgabat şäherinde öz işine başlan Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisinde habar berdi.
Emil Muradowyň aýtmagyna görä, öndürijiniň strategik wezipesi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bazarlaryna, ilkinji nobatda Türkmenistana çykmakdan ybaratdyr. Kompaniýa önümçilik işlerinde hem-de bilim maksatnamalarynda häzirki zaman Ýewropa ülňülerini we tehnologiýalaryny ornaşdyrýar, agronomlar üçin okuwlary hem-de tejribe alyşlaryny guraýar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Kompaniýa türkmen bazaryny işjeň öwrenýär we ýerli hünärmenler bilen hyzmatdaşlygy ýola goýýar. Kompaniýanyň öndürýän önümlerine dökünler, pestisidler we tohumlar, şol sanda öz önümçilik zawodlarynda ösdürilip ýetişdirilen pomidor we hyýaryň takmynan ýüz görnüşi girýär.
“Merkez Anadolu Kimya” kompaniýasy 2001-nji ýylda esaslandyryldy hem-de önümçiligi Antalýanyň gurnalan senagat zolagynda amala aşyrýar. Kompaniýanyň himiki we organiki dökünler üçin öz önümçilik desgalary we Türkiýäniň ähli sebitlerini öz içine alýan ösen satuw ulgamy bar. “Merkez Anadolu Kimya” kompaniýasynyň önümleri dünýäniň 20-den gowrak ýurduna eksport edilýär.


















