Türkmenistan we Germaniýa ulag-energetika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi maslahatlaşdylar

BT
Türkmenistan we Germaniýa ulag-energetika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi maslahatlaşdylar
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň DIM-niň ýolbaşçylary bilen geçiren bilelikdäki duşuşygy, 2026-njy ýylyň 11-nji fewraly, Berlin, Germaniýa (Surat: bundespraesident.de)

Türkmenistan we Germaniýa ulag, energetika, “ýaşyl” özgertmeler, bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler. Bu barada çarşenbe güni Berlinde Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary bilen geçiren bilelikdäki duşuşygynyň dowamynda aýdyldy.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow wekilçilik etdi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-german gatnaşyklarynyň depginli ösüşini bellediler hem-de sebit formatynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň, şeýle hem halkara giňişlikde, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasynyň we Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) çäklerinde özara gatnaşyklaryň ähmiýetini nygtadylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar.

Şol güni Ahmet Gurbanow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Syýasy departamentiniň direktory Dominik Mutter bilen hem duşuşdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС