Türkmenistan we Ýaponiýa ylmy-tehnologik hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmagy maslahatlaşdylar

BT
Türkmenistan we Ýaponiýa ylmy-tehnologik hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmagy maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Atadurdy Baýramowyň Türkmen-ýapon ylmy-tehnologik assosiasiýasynyň Prezidenti H.Koýnuma bilen duşuşygy, 2026-njy ýylyň 9-njy fewraly

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Atadurdy Baýramow 2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmen-ýapon ylmy-tehnologik assosiasiýasynyň Prezidenti H.Koýnuma hem-de bu assosiasiýa bilen bilelikde iş alyp barýan ýapon kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar beýär.  

Duşuşykda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda ozaldan ýola goýlan ylmy-tehnologik hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak we bu ugurda türkmen bazaryna mümkin bolan täze ýapon kompaniýalaryny tanyşdyrmak meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem suw arassalaýyş tehnologiýalaryny hem-de enjamlaryny ornaşdyrmak boýunça ýurdumyzda degişli işleri alyp barmagy meýilleşdirýän “Tohkemy Corporation” ýapon kompaniýasynyň mümkinçilikleri, tehnologik teklipleri barada pikir alşyldy.

Mundan başga-da, duşuşykda ýerasty baýlyklary gözlemekde kwant duýujylygyny ulanýan ýokary takyklykly anyklaýyş tehnologik enjamlary öndürmäge, suwuklandyrylan gaz babatda kömürturşy gazyny bölüp aýyrmak tehnologiýa ýöriteleşen “Sustec”, “Carbon Cryo Capture Co., Ltd” ýapon kompaniýalarynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС