Türkmen telekeçisi “simmental”, “golştin” iri şahly mallaryň 820-den gowragyny idedýär

BT
Türkmen telekeçisi “simmental”, “golştin” iri şahly mallaryň 820-den gowragyny idedýär
Maldarçylyk toplumy, Türkmenistan

Telekeçi Bäşim Sopyýewiň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän maldarçylyk toplumynda häzirki wagtda ýokary süýt berijiligi bilen tanalýan “simmental” we “golştin” tohumlaryna degişli iri şahly mallaryň 820-den gowragy idedilýär. Bu barada duşenbe güni çap edilen “Rysgal” gazetinde habar berilýär.

Telekeçi Bäşim Sopyýew indi birnäçe ýyl bäri Ak bugdaý etrabynyň çäginde ozaldan hereket edýän fermany kärendesine alyp, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny we mallaryň tohumlaryny kämilleşdirmek bilen, çylşyrymly pudakdaky tejribesini barha artdyrýar.

Habarda bellenilişi ýaly, hereket edýän maldarçylyk toplumyndan birnäçe kilometr uzaklykda bolsa, has kuwwatly desganyň gurluşygy güýçli depginde dowam edýär. Bu ýerde telekeçi Bäşim Sopyýewe uzak möhletleýin bölünip berlen 250 gektar meýdanyň 10 gektarynda häzirki zaman maldarçylyk toplumy gurulýar.

Şeýle hem 5000-e golaý tohumlyk maly idetmäge mümkinçilik berjek täze toplumda her bir malyň saglyk ýagdaýyna, iýmitlenişine we hereketine ýörite datçikler arkaly gözegçilik etmek üçin tehnologiýalary, awtomatlaşdyrylan sagym enjamlaryny ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar.

Taslama laýyklykda, fermanyň çäginde sygyr ýataklaryny, et ugurly mallary iýmitlendirmek üçin binalary, süýt sagylýan bölümi, iým ammarlaryny, mäjum meýdançalaryny, tehnikalar üçin garajy, garawul hem-de mallary saklamak üçin binalary, mal soýmak üçin binany, transformator jaýyny, hojalyk zerurlyklary üçin binalary, howuzlary, öndürilen önümi gaýtadan işlemek üçin sehi hem-de taýýar önüm ammaryny, dezinfeksiýa germewlerini gurmak meýilleşdirilýär.

Maldarçylyk toplumynyň işe girizilmegi bilen, ýerli ilat üçin täze iş orunlarynyň 100-e golaýy dörediler. Şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işlerini ýerine ýetirmek üçin goşmaça 100-den gowrak adama iş ýerleri açylar.

2022
ENG TM РУС