TSTB-niň agzalarynyň sany 30 müňe golaýlady

BT
TSTB-niň agzalarynyň sany 30 müňe golaýlady
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli sergi, 2025-nji ýylyň 17-nji marty, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň sany yzygiderli artyp, ol häzirki wagtda 30 müňe golaýlady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly birleşmäniň agzalary maldarçylyk, guşçulyk, azyk we senagat önümleriniň önümçiligi, gurluşyk ýaly ugurlarda ýokary netijeleri gazanýarlar.

Şu ýylyň 13-nji fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken 2026-njy ýylda ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna laýyklykda, önümçilik kärhanalaryny doly güýjünde işletmek, täze kärhanalary gurmagyň hasabyna 5 müň 300-e golaý täze iş ornuny döretmek, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, jemi içerki önümiň düzüminde hususy pudagyň paýyny 72,9 göterime ýetirmek, şeýle hem 2026-njy ýylda ýurduň ykdysadyýetine maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna jemi 41,2 milliard manada golaý maýa goýumlary gönükdirmek meýilleşdirilýär.

2008-nji ýylyň mart aýynda esaslandyrylan Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesi hususy pudagyň wekillerini birleşdirýän jemgyýetçilik guramasydyr. TSTB öz agzalarynyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramaga, şeýle-de ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmäge ýardam edýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022