Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşigi Transhazar ulag geçelgesini ösdürmegi maslahatlaşdy

BT
Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşigi Transhazar ulag geçelgesini ösdürmegi maslahatlaşdy
Sapar Palwanowyň Maýa Bakran Marçiç bilen duşuşygy, 2026-njy ýylyň 26-njy fewraly, Brýussel, Belgiýa (Surat: Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçihanasy)

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Palwanow Brýusselde Ýewropa Komissiýasynyň Ykjamlylyk we ulag boýunça Baş müdirliginiň baş direktorynyň orunbasary Maýa Bakran Marçiç bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ulag arabaglanyşygynyň geljegini, Transhazar ugruny ösdürmegiň meselelerini hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ÝB-niň paýtagtyna mümkin bolan saparyna taýýarlyk görmek boýunça amaly ylalaşyklaryň taýýarlanylmagyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda ulag we logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, şol sanda degişli düzümleriň arasynda özara gatnaşyklaryň durnukly mehanizmlerini döretmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçihanasy habar berdi.

Söhbetdeşler Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky geljegi uly aragatnaşyk ýollarynyň biri hökmünde Transhazar ulag geçelgesiniň ähmiýetiniň artýandygyny tassykladylar.

Şeýle hem duşuşykda amaly nukdaýnazardan ulag ulgamy babatda özara hyzmatdaşlygyň institusional binýadyny, ýagny özara düşünişmek hakynda ähtnama, ýol kartasy ýa-da başga bir çäkli resminama görnüşinde döretmegiň mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar aýratyn hem halkara maliýe edaralary we ösüş banklary bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine, şol sanda ulag infrastrukturasy ulgamynda Ýewropa Maýa goýum banky bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirdiler.

Türkmen ilçisi şol gün Brýusselde Ýewropa Komissiýasynyň Howanyň üýtgemegi boýunça baş müdirliginiň baş direktorynyň orunbasary Ýan Duşikin bilen iş duşuşygy geçirdi. Duşuşykda taraplar gün energiýasyny we serhetüsti energiýa infrastrukturasyny ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ýewropa tarapy arassan elektrik energiýasyna bolan islegiň artmagy bilen baglylykda Türkmenistanyň mümkinçiliklerine ýokary baha berdi.

2022
ENG TM РУС