“Alat–Farap” serhetýaka söwda zolagyny döretmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

BT
“Alat–Farap” serhetýaka söwda zolagyny döretmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
Durdy Genjiýewiň Rawşanbek Alimow bilen duşuşygy, 2026-njy ýylyň 3-nji marty, Türkmenabat, Türkmenistan (Surat: "Dunyo")

Lebap welaýatynyň häkimi Durdy Genjiýew Özbegistanyň Türkmenistandaky ilçisi Rawşanbek Alimow bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda Buhara welaýaty bilen Lebap welaýatynyň arasynda “Alat–Farap” serhetýaka söwda zolagyny döretmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

“Dunyo” agentliginiň duşenbe güni habar bermegine görä, bu taslama iki doganlyk döwletiň serhetýaka sebitleriniň arasynda özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmaga, ykdysady ösüşe hem-de ilatyň hal-ýagdaýynyň gowulanmagyna hyzmat eder.

Duşuşygyň dowamynda Özbegistanyň sebitleri bilen Lebap welaýatynyň arasynda söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar 2025-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistana döwlet saparynyň çäklerinde gazanylan Surhanderýa we Kaşkadarýa welaýatlarynyň häkimýetleri bilen Lebap welaýatynyň häkimliginiň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi boýunça pikir alyşdylar.

Şeýle hem taraplar şu ýylyň dowamynda geçirilmegi meýilleşdirilýän türkmen-özbek üçünji sebitara forumyna bilelikde taýýarlyk görmegi, şeýle-de iki ýurduň işewür toparlarynyň gatnaşmagynda Buhara we Türkmenabat şäherlerinde işewürlik forumlaryny geçirmek boýunça gazanylan ylalaşygy tassykladylar.

Mundan ozal Türkmenistan bilen Özbegistan hususy pudagyň wekilleriniň arasynda göni gatnaşyklary işjeňleşdirmek we bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin amatly şertleri döretmek meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdy.

2022
ENG TM РУС